- ykjaşmak
- işlik[y:kjaşmak]1) Ygyşyp-durmak, ýeliň ugruna galgaşmak, ýelkildeşmek, ülpüldeşmek.∙ Gowaçanyň depesinde bolsa sarymtyl güller ykjaşýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Zülp ýerine goýberen topbak saçlar ykjaşýardylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Bir topar bolup bikär enteşip ýörmek, işsiz aýlanyşyp ýörmek, kaňkaşyp ýörmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.